Show notes
Okyjylarymyzda iň kän reaksiýa döredýan meseläniň dowamy hökmünde "Joralar" proýektiniň gurnaýjylarynyň biri Aýnur bilen söhbetdeşligi size hödürleýäris. Aýnur öz proýektindäki iş tejribesinden salgylanyp aşakdaky soraglara jogap berdi:
- Jora proýekti jemgyýetimizdäki nähili meseleleri çözmegi maksat edinýär?
- Saňa şeýle işleri alyp barmaga nämeler itergi, näme sebäp boldy?
- Sen öz işiňde jynsy terbiýäniň jemgyýetimizde ýetmezçiligi barada habar berýan haýsy hadysalara duş gelýärsiň? Iň ýaýgyn ýagdaýlar?
- Saňa jynsy terbiýe berildimi? Nirede? Nädip?
- Sen öz çagaňa, jigiňe jynsy terbiýe berersiňmi? Näme üçin?
- Okyjylardan gelen soraglar.
Jynsy terbiýe barada podkastymyzyň öňdäki epizodyny şu salgydan diňlemegi maslahat berýäris.
Alyp barýan: Aýnabat (Saglygyň redaktory www.saglyk.org)
Gatnaşan: Aýnur (Joralar Proýektiniň gurnaýjysy)
Ýazan we döreden: Kemal K (instagram/twitter: @pikirhana)

